Çeçenistanda janyndan geçen aýal polisiýa nokadyna hüjüm etdi
Polisiýa 17-nji noýabrda bolan hadysada bombaçynyň özüniň ölendigini, emma başgaadamyň ýaralanmandygyny aýtdy.
Çeçen polisiýasynyň iş başyndaky başlygy Apti Alaudinow Orsýetiň “Novosti” habar agentligine ol aýalyň bolşunyň polisiýada şübhe döredendigini gürrüň berdi. Haçanda polisiýa bu zenanyň dokumentlerini soranda, partlaýjy enjama gözi düşdi we derrew ony oka tutdy diýip, ol aýtdy.
Orsýet Çeçenistandaky separatistlere garşy 1990 ýyllarda we 2000-nji ýyllaryň başynda iki gezek uruşdy. Demirgazyk Kawkaz respublikasyndaky adatdan daşary ýagdaý düzgüni 2009-njy ýylda ýatyryldy.