Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde ýakyn gatnaşyga ýykgyn edýändigini aýtdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň 22-nji noýabrda Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde taraplar Hazar deňzinde ýakyn gatnaşyklara ýykgyn edýändigini mälim etdiler.


Türkmenistanyň döwlet metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Hazar regionyndaky hyzmatdaşlygyň region durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň esasy meselesi bolup durýandygyny belländigini habar berdi. 


“Hazar deňzi regionynda goňşuçylyk, deňlik, hormat we ähli hazarýaka döwletleriniň bähbitlerini nazara almakdaky ýakyn aragatnaşyk boýunça özara borçnamalar tassyklandy” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren gepleşikleriniň yzýany aýtdy.







Türkmen prezidentiniň bellemegine görä, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňziniň gün tertibindäki ähli meseleler boýunça hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady partnýorlygyna we iri infrastruktura proýektleriniň durmuşa geçirilmegine ýol açýar.


Interfaks agentliginiň bellemegine görä, prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňziniň statusy barada awgustda gol çekilen konwensiýanyň durmuşa geçirilmegine goşant goşjagyny mälim edipdir.


“Bu, meselem, Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň we Türkiýäniň arasyndaky [Lazurit] koridoryny, ony gurmak hakynda ylalaşyga 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda gol çekilipdi we Türkmenistan-Azerbaýjan-Gürjüstan-Rumyniýa koridoryny öz içine alýar” diýip, Interfaks agentligi türkmen prezidentini sitirleýär.




2017-nji ýylda Türkmenistan we Azerbaýjan Strategik hyzmatdaşlygy hakyndaky şertnama gol çekipdi.


Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňzi regionynyň gazyny Ýewropa akdyrmagy göz öňünde tutýan "Transhazar" gazgeçiriji proýekti barada 2015-nji ýyldan bäri gepleşik alyp barýarlar. Bu gepleşiklere Ýewropa Bileleşigi we Türkiýe gatnaşýar.


Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew 21-22-nji noýabrda Türkmenistana resmi saparyny geçirdi. Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda 20 şertnama gol çekildi. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *