Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ÝB liderleri Brýusselde Britaniýanyň ÝB-den çykmak şertnamasyny tassyklady

ÝB liderleri  25-nji noýabrda Brýusselde sammite toplanyp,  Britaniýanyň indiki ýyl Ýewropa Bileleşiginden çykmagynyň esasy iki dokumentine goldaw bildirdiler.


Ýewropa Geňeşiniň prezidenti  Donald Tusk  Britaniýa çykanyndan soň bile galýan 27 döwletiň liderleriniň Brýusseldäki  ýygnanyşygyndan soň beýanat bilen çykyş etdi.


"Breksit ylalaşygy goldanyldy, emma çykyş prosesi tamamlanardan uzakda"   Litwanyň prezidenti Dalia Grybauskaite mejlisden soň twitterde ýazdy.


ÝB liderleri Britaniýanyň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda Ýewropa Bileleşigini terk etmeginiň şertlerini jikme-jik beýan edýän 585 sahypa şertnamany we London bilen ÝB-niň breksitden soňky gatnaşyklarynyň nähili boljakdygyny görkezýän syýasy jarnamany tassyk etdiler. 


Britan premýer ministri Tereza Meý 24-nji noýabr güni giçlik Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk bilen duşuşdy, olar şertnamanyň ÝB-niň ähli ýolbaşçylary tarapyndan goldanjaga çalym edýändigini aýtdylar.


Emma muňa garamazdan, ÝB ýurtlarynyň beýleki 27 agzasynyň ählisi bu şertnamany goldasa-da, onuň soň britan parlamentinden geçmegi gerek we kanun çykaryjylaryň köpüsi, şol sanda Meýiň öz Konserwatiw partiýasy oňa garşy boljakdyklaryny bildirdiler.


Meý britan jemgyýetçiligine hat ýazyp, olary öz hökümetiniň ÝB resmileri bilen gepleşen şertnamasyny goldamaga çagyrdy. Ol bu ylalaşygyň Britaniýa üçin “ýagty geljegi” wada berýändigini” aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *