Özbegistan giň-gerimli harby türgenleşikleri geçirýär
Özbegistanyň Goranmak ministrligi tutuş ýurt boýunça giň-gerimli harby türgenleşik çäreleriniň geçirilýändigini mälim etdi.
Ministrligiň metbugat wekili bäş günläp dowam etjek türgenleşikleriň duşenbe güni başlanandygyny belledi.
“Mundan öň Özbegistanda söweşe ukyplylygyň derejesini barlamak boýunça şular ýaly giň-gerimli çäre gurnalmandy” diýip, Temur Narziýew aýtdy.
Mundan başga goşmaça maglumat berilmedi.
Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda ýurduň ozalky baştutany Yslam Kerimow ölenden soň, 32 million ilatly ýurduň başyna geçipdi.