Eýranda ýer titremede 700 adam ýaralandy
Eýranyň günbatar, Yrak bilen serhetdeş sebitlerinde ýüze çykan ýer titremesinde ýaralananlaryň sany 700-e adama ýetdi.
Eýran resmileri 6.4 bal derejesinde bolan tebigy hadysanyň netijesinde heläk bolanlar barada entek maglumatyň ýokdugyny aýdýarlar.
Geçen ýyl gürrüňi gidýän sebitde ýüze çykan ýer sarsgynynda 600 adam ölüp, 9 müňe golaýy hem ýaralanypdy.
Eýranyň adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň başlygy ýaralananlaryň öýlerinden daşary gaçyp barýan mahaly şikeslenendiklerini belledi.
“Ýer titremäniň uly şäherleriň golaýynda ýüze çykmandygyna şükür etmeli. Emma, onuň golaý-goltumdaky obalara zyýan ýetiren bolmagy mümkin. Men sebitde köp obalaryň ýokdugyna umyt edýärin” diýip, Eýranyň seýismologiýa merkeziniň başlygy Ali Moradi çykyş etdi.
ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik gullugynyň maglumatyna görä, ýer titremäniň episentri Yragyň serhedine golaý, Ilam şäherinden 114 kilometr uzaklykda bolup, ol 10 kilometr çuňlukda döräpdir.