Belarus iki tussagy jezalandyryp öldürdi
Belarus adam öldürmekde günäli tapylan iki adamy jezalandyryp öldürdi. Bu barada adam hukuklaryna gözegçilik edýän Wýasna (Ýaz) topary maglumat berdi.
Mundan soň, Ýewropa Bileleşigi prezident Aleksandr Lukaşenkanyň hökümetine ýüzlenip ölüm jezasyna maratoriýa girizmek baradaky çagyryşlaryny tekrarlady.
Wýasna belarus resmileriniň Ihar Herşankounyň ejesine ogluna çykarylan ölüm höküminiň ýerine ýetirilendigi barada maglumat berendiklerini aýtdy.
Mundan bir gün öň, 31 ýaşly Sýamýon Beražnynyň, suduň kararyna laýyklykda, atylyp öldürilendigi barada hem onuň ýakynlaryna maglumat berilipdir.
Belarus Ýewropa ýurtlarynyň we ozalky sowet respublikalarynyň arasynda tussaglary jezalandyryp öldürýän ýeke-täk ýurtdur.
Beražny, Herşankou we başga-da iki adam 2017-nji ýylyň iýulynda adam öldürmekde günäli tapylypdylar.