Eýran sudy žurnalist zenany 13 ýyla golaý türme tussaglygyna höküm etdi
Reformaçy žurnalist Hengameh Şahidi suduň 12 ýyl 9 aý türme möhleti barada çykaran höküminiň üstünden şikaýat arzasyny ýazyp biler. Şeýle-de ol syýasy toparlara, media işjeňliklerine goşulmakdan, ýurtdan çykmakdan mahrum edildi.
"Sud seljerişliginiň konfidensiallygy we işiň howpsuzlyk häsiýeti zerarly men suduň höküminiň jikme-jikliklerini açyp bilmeýärin” diýip, Şahidiniň aklawçysy Mostafa Turk Hamedani hökümetiň resmi IRNA habar gullugyna aýtdy.
43 ýaşyndaky Şahidi iýundan bäri türmede otyr. Ol ozal 2009-njy ýylda, hökümet dawaly prezident saýlawlaryna garşy protest bildirenleri basyp ýatyranda hem tussag edildi.
Şahidi 2017-nji ýylda hem birnäçe aýlyk tussagda saklandy.