ABŞ, Hytaý prezidentleri söwda tariflerini galdyrmazlyk ylalaşygyna geldi
Ak tamyň 1-nji dekabrdaky beýanatynda Waşingtonyň ýanwarda hytaý harytlaryna goýlan tarifleri ýokarlandyrmazlyga razy bolandygy hem aýdylýar.
Ýöne hytaý harytlaryna golaýda girizilen we 200 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan 10 prosentlik tarif ýokarlanmasy üýtgewsiz galar diýip, beýanatda bellenilýär.
Hytaýyň söwda ministriniň orunbasary Wang Şouwen hem iki lideriň beýleki harytlara täze tarifleri girizmezlik barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
Bu ylalaşyklar iki lideriň Argentinada, 20-ler sammiti mahalynda nahar başynda geçiren iki sagatlyk gepleşiklerinden soň belli boldy.