Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daşoguzda we Lebapda benzin gytçylygy döredi

Daşoguzda we Lebapda benzin gytçylygy döredi

Türkmenistanda ýene-de awtoulaglar üçin ýangyjyň gytçylygy döredi. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Lebabyň we Daşogzuň ýangyç satýan stansiýalarynda köplenç benzin satuwda bolmaýar, bolan wagtynda uly nobatlar döreýär. 

"Eýýäm iki hepdä golaý wagt bäri Daşoguz şäherinde we etraplarda benziniň söwdasy bökdeýär. Şeýle ýagdaý Lebabyň ähli ýerlerinde dowam edýär. А-95 markaly benzin zaprawkalara düýpden getirilmeýär. Diňe А-80 bolýar, emma çäkli möçberde" diýip, 3-nji dekabrda Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, käbir ýangyç stansiýalary benzin bolmansoň boş durýar. Benziniň satylan wagtynda örän köp awtoulag üýşýär, ýangyç çäklendirilip satylýar. 

"Diňe 10 litrden, käwagt 20 litrden satýarlar. Emma bu ýagdaýda-da köp adama ýetmeýär. Men penşenbe güni Kerkä we Çärjewe (häzirki ady Türkmenabat - red.) baryp gaýtdym, zaprawkalarda awtoulaglaryň köplüginden olaryň ýanyna barar ýaly däldi. Käbir ýangyç stansiýalar düýpden boş durýar, sebäbi benzin ýok" diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi. 

Habarçymyzyň bellemegine görä, Lebap welaýatynda awtoulag ýangyjynyň gytçylygy noýabr aýynyň ortalarynda döräpdir. Şol bir wagtda-da, regionda ýangyjy üstüne pul goşup satýan söwdegärlerden almak mümkinçiligi bar.

Benziniň gytalmagynyň fonunda Türkmenistanda ýangyjyň gymmatlamagy bilen bagly aladalanmalar güýçlenýär. Oktýabryň başynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri A-95 we A-80 markaly benziniň 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan iki esse gymmatlajagyny aýdypdy.

Oktýabr aýynyň aýagynda benzin nobatlary paýtagtyň ýangyç stansiýalarynda hem döräpdi. Azatlygyň habarçylary ilatyň ätiýäçlyk üçin benzini satyn alyp goýmaga çalyşýandygyny we munuň üçin hatda üstüne pul goşup satyn alýandygyny habar beripdi.

“Ilatyň arasyndaky aljyraňňylyk soňky bäş günüň dowamynda hasam güýçlendi. Köpçülik agşamlaryna awtoulaglar azalansoň ýangyç stansiýalaryna baryp, benzin satyn alyp goýýarlar. Ony 20-30 litrlik gaplara guýdurýarlar. Ýangyç stansiýalaryň işgärleri benzini her litrine 20-30 teňňeden goşup satýarlar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 24-nji oktýabrda habar berdi.

Türkmenistanda dörän benzin gytçylygynyň fonunda ýurduň hökümeti şu ýylyň dowamynda birnäçe gezek nebit önümleriniň, şol sanda benziniň önümçiligi boýunça planyň aşyrylyp, doldurlandygyny aýdypdy. Döwlet metbugatyna görä, hususan-da, 2018-nji ýylyň birinji iki aýynyň netijesinde nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň Türkmenbaşy toplumy 315 müň tonnadan gowrak dürli markaly benzin öndüripdir, önümçiligiň ösüşi 104,8%, eksportyň möçberi 37,7%-den aşypdyr.

Türkmenistanda benziniň gytçylygy we gymmatlamagy ençeme gezek ýüze çykypdy. Ozalky ýyllaryň tejribelerine görä, ýurduň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri benziniň gymmatlamagy barada ilaty ne öňünden, ne-de soňundan habarly edipdi.

Geçen gezek Türkmenistanda benzin şu ýylyň fewral aýynda gymmatlapdy, onuň nyrhy 50% göterilipdi. Benziniň gymmatlamagynyň öňüsyrasynda ýangyç satýan stansiýalarda uly nobatlar döräpdi, birnäçe günläp benzin satuwda bolmandy. Ýangyç stansiýalarynda polisiýa gözegçilik alyp barypdy.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Фондовые индексы Азии снижаются, нефть дешевеет

«Известия»: гроб с телом полярника Чилингарова доставили в храм Христа Спасителя

СКР возбудил уголовное дело против таксиста, высадившего военных СВО

Беглов: строительство ВСМ Москва–Петербург проходит последние согласования

Музыкальные новости

Энергетики «Смоленскэнерго» готовятся к работе в условиях непогоды

Сергей Собянин рассказал о новых трамвайных линиях в Москве

Сергей Собянин: Городские вокзалы объединяют маршруты

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Новости России

Беглов: строительство ВСМ Москва–Петербург проходит последние согласования

Проверка кредитной истории с LionCredit

Забайкалье оказалось на 31 месте в рейтинге по благосостоянию семей

Владимир Индигирский: Высокое назначение Александра Самсонова

Экология в России и мире

Победитель фирменной игры «Авторадио» получил ключи от Oting Паладин

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

Областная наркологическая больница запускает летнюю профилактическую кампанию для юных свердловчан

Раскрыт секрет, как и где отдохнуть в России летом за 11 тыс. рублей

Спорт в России и мире

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

После поражения де Минору россиянин Медведев завершает выступление в престижном теннисном турнире

Moscow.media

Водитель "Лифана" погибла после аварии с фурой

Студенты Академии Игоря Крутого раскрыли свои таланты

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Как сделать транспортно-логистическую отрасль безопаснее?







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *