Ermenistanda harby uçaryň gaçmagy netijesinde iki pilot öldi
Ermenistanda bir harby uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde onuň bortundaky iki pilot öldi.
Gornamak ministrligiň beren maglumatyna görä, Su-25 kysymly uçar ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Gýumri şäherindäki howa bazasyndan howa galanyndan birnäçe minut soň radarlardan ýitirim bolupdyr.
Ministrlik heläkçilige uçran uçaryň bölekleriniň tapylandygyny mälim etdi.
Uçaryň gaçmagy netijesinde onuň bortundaky podpolkownik Armen Babaýan we maýor Moses Manukiýan heläk boldy.
Uçaryň näme sebäpden gaçandygy barada häzirlikçe hiç hili resmi maglumat berilmedi. Maglumata görä, Ermenistanyň Derňew Komiteti derňewe başlapdyr.
Sowetler döwri ýasalan Su-25 uçarlary Ermenistanyň harby howa güýçleriniň düzümindäki esasy söweş uçarlarydyr.