Tramp ABŞ-nyň BMG-däki indiki ilçisi wezipesine Ak Tamyň sözçüsini saýlady
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň BMG-däki indiki ilçisi wezipesine Döwlet departamentiniň metbugat wekili Heather Nauerti saýlady.
6-njy dekabrda çap bolan media maglumatlaryna görä, ABC we "Fox News" telekompaniýalarynyň öňki alyp baryjysy we habarçysy Nauert ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi wezipesini ýylyň aýagyna çenli terk etjegini oktýabrda yglan eden Nikki Haleýiň ornuna geçer.
Trampyň öz kararyny 7-nji dekabrda irden Tweeter arkaly mälim edendigini "Fox News" habar berdi.
Şeýle-de, Nauertiň karary barada "Bloomberg News" we Reuters habar berdiler.
Ak Tamyň we Döwlet departamentiniň wekilleri kommentariý baradaky ýüzlenmelere dessine jogap bermediler.
1-nji noýbarda Tramp Nauerti Haleýiň ýerine bellemeklige çynlakaý seredýändigini aýtdy.
"Ol örän oňat. Ol uzak wagt bäri biz bilen. Ol köp wagt bäri goldawçy boldy" diýip, Tramp şonda žurnalistlere aýtdy.
48 ýaşly Nauert 2017-nji ýylyň aprel aýynda Döwlet departamentiniň metbugat-wekili wezipesine bellendi.