Fransiýanyň premýer-ministri protestçiler bilen gepleşik geçirilmegine çagyrýar
Filippe 8-nji dekabrda telewideniýede berlen beýanatynda "dialog başlandy we dowam etdirilmeli” diýdi we protestçileriň durmuş-ýaşaýyş gymmatlamalary baradaky aladalaryna seretmegi wada berdi.
"Prezident [Emmanuel Makron] çykyp gepläp we bu dialoga goldaw berjek çäreleri teklip eder” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Polisiýa, käbirleri bronly tehnikada, 8-nji dekabrda tutuş ýurt boýunça protest bildirýän “Sary keltekçe” hereketiniň 125 müň goldawçylarynyň köpüsi bilen çaknyşmaly boldy.
Polisiýa 1,385 protestçiniň tussag edilendigini aýtdy.
Habarlarda polisiýanyň paýtagtdaky prezident köşgüne tarap ýöriş eden protestçileriň öňüni baglamak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanandygy habar berilýär.