Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda kanunyň kabul edilmeginden soň alkogolyň gymmatlamagyna garaşylýar

Türkmenistanda “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça kanunyň” kabul edilmegi bilen baglylykda alkogolyň gymmatlamagyna garaşylýar. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri habar berýär.


Dekabryň başynda kabul edilen kanunda, hususan-da, alkogol önümleriniň söwdasynyň kassa apparatyna hem töleg terminalyna eýe bolan ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynda, şeýle-de restoranlarda, barlarda we kafelerde amala aşyrylmagy, alkogolyň söwdasynyň diňe iş günlerinde 10-20 sagat aralygynda edilmegi göz öňünde tutulýar, 21 ýaşyna ýetmediklere alkogol satmak gadagan edilýär.


Media maglumatlaryna görä, täze ýylda güýje girýän kanun birnäçe tapgyrlaýyn, 2019-njy ýylyň başyndan, 2019-njy ýylyň iýul aýyndan we 2021-nji ýylyň başyndan amala aşyrylmaly.







Hususan-da, alkogol önümleriniň dynç günlerinde satylmagynyň gadagançylygynyň 2021-nji ýylda güýje girmegine garaşylýar.


Şol bir wagtda-da, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşriniň habar bermegine görä, Türkmenistanda alkogol önümleriniň salgydy dekabryň başyndan eýýäm galypdyr.


Maglumata laýyklykda, 1-nji dekabrda Türkmenistanyň özünde öndürilýän we daşardan getirilýän alkogol içgileriniň aksizlarynyň möçberi 10% göterilipdir. Çilimiň aksizi 17% artypdyr.


Munuň bilen bir wagtda häzirki wagtda ýurtda alkogol söwdasy çäklendirilýär.




Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda dürli alkolog önümleriniň satuwda bolmagyna garamazdan, olar köplenç resmi däl görnüşde satylýar.


“Iň arzan wodkanyň bahasy 13 manat, iň gymmady 100 manat. Emma ony her kim açyk satyp bilmeýär. Bu öňden bäri şeýle. Alkogol önümlerini satmak üçin lisenzisýa rugsadyny almak mesele bolup durýar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 12-nji dekabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, lisenziýa almak welaýatlardaky telekeçilere has agyr düşýär. Sebäbi lisenziýa diňe paýtagtda berilýär, üstesine býurokratik düzgünler we korrupsiýa bu prosesi hasam agyrlaşdyrýar.


“Barlagçylar dükana giren badyna, sende bardygyny bilýäris, şunça töle diýýärler, ýa-da raýat geýimli gelip, alkogol önümini satyn alýarlar we soň çykyp, ýene gaýtadan girýärler we dokumentini görkezýärler” diýip, Türkmenistandaky habarçymyz gürrüň berdi.




Türkmenistanyň paýtagtynda alkogol önümleriniň söwdasy üstümizdäki ýylyň dowamynda birnäçe gezek togtadylypdy.


Hususan-da şu ýylyň tomsunda, habarçylarymyz Aşgabatda alkogol satýan söwda nokatlarynyň köpçülikleýin ýapylandygyny habar beripdi.


Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça milli programma kabul edilipdi. Programma 2018-2024-nji ýyllar aralygyndaky döwre niýetlenýär.


Türkmenistanda sagdyn durmuşyň propagandasyna döwlet derejesinde üns berilýär.


Türkmenistanyň prezidenti temmäkä garşy göreşiň we köpçülikleýin sport maşklarynyň inisiatory bolup çykyş edýär. Mundan öň türkmen hökümeti 2025-nji ýyla çenli ýurdy çilimden doly azat etmek planyny yglan edipdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *