HWF Ukraina üçin $3.9 milliard karz berýär
Bu prezident Petro Poroşenkonyň öňümizdäki ýylda geçmeli prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky ýeňişi hökmünde häsiýetlendirildi.
Mundanam başga, Bütindünýä Banky Ukrainanyň halkara bazarlaryndan 1 milliard dollary karz alyp bilmegi üçin 750 million dollarlyk karz kepilligini yglan etdi.
“Dünýäniň öňdebaryjy maliýe institutlarynyň netijeleri biziň ösüşimiziň durnuklylygyny kepillendirýär, şeýle-de Ukrainanyň içerki we daşarky kynçylyklaryna garşy alyp barýan tagallalaryny pugtalandyrýar” diýip, Poroşenko beýanat arkaly çykyş etdi.