Karaçide pakistan syýasatçysy atylyp, öldürildi
25-nji dekabrda Pakistanyň günorta port şäheri Karaçide pakistanly syýasatçy näbelli ýaragly tarapyndan oka tutuldy. Hüjümçi gaçyp gutuldy.
46 ýaşly öňki kanun çykaryjy Ali Raza Abidi hüjümde agyr ýaralandy we soň keselhanada wepat boldy, diýip polisiýanyň baş wekili Jawed Alam Odho žurnalistlere aýtdy.
Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, Abidi hüjüme sezewar edilen pursadynda öz awtoulagynda ýeke bolupdyr. Onuň jesedinde dört sany ok tapylypdyr. Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
"Muttahida Kaumi" hereketiniň öňki lideri Abidi 2013-nji ýylda ýurduň Milli Assambleýasyna saýlanypdy. Partiýa häkimiýetlerden Abidiniň ganhorlaryny dessine tapmagy talap etdi. Premýer-ministr Imran Han we beýleki syýasatçylaryň ençemesi hüjümi ýazgaryp çykyş etdiler.