Türkmenistandaky Rus jemgyýetiniň ýolbaşçysy aradan çykdy
Neşir özüniň 27-nji dekabrda çap eden maglumatynda Fomin bilen Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň arasynda bolan konfliktden soň, onuň ýurdy terk edip, Russiýa göçmäge mejbur bolandygyny aýdýar.
Fomin 1939-njy ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda dünýä inipdi. Ol “Gurluşykçy” futbol komandasynyň tälimçisi bolup işläpdi. 1992-nji ýylyň maýynda ol Türkmenistandaky Rus jemgyýetiniň ýolbaşçysy wezipesine saýlanypdy.
Fomin Moskwada ýaşan döwründe Türkmenistanyň häzirki syýasy režimini tankyt edip, oppozisiýa we adam hukuklary babatynda iş alyp bardy.
2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Anatoliý Petrowiç Fominiň 80 ýaşy dolmalydy.