Pakistan Hytaý bilen proýektiniň harby maksadyny ret edýär
Pakistan Hytaý tarapyndan gurlan we maliýeleşdirilen milliardlarça dollarlyk infrastruktura proýektiniň "harby göwrümini" ret edýär.
"The New York Times" neşriniň 19-njy dekabrda çap eden makalasynda esasy ýaranlar Yslamabadyň we Pekiniň Hytaý-Pakistan Ykdysady koridory (CPEC) atly ägirt infrastruktura proýektiniň çäginde harby proýektleri planlaşdyrandygyny we onuň Hytaýyň günbatar Ksinjang welaýatyny Pakistanyň Arab deňzindäki Gwadar porty bilen baglaşdyrmalydygyny ýazdy.
CPEC proýekti demirýol, gara ýol we energiýa infrastrukturalaryny öz içine alýar we bahasy 1 trillion amerikan dollarlyk "Guşak we ýol" atly inisiatiwanyň bölegi bolup durýar. Ol 70 çemesi ýurduň üstünden geçmeli.
"The New York Times" neşriniň makalasyna görä, Pakistanyň howa güýçleri we Hytaýyň resmileri Pakistanyň Hytaýyň harby uçarlarynyň we beýleki ýaraglarynyň önümçiligini ýaýbaňlandyrmak hakyndaky gizlin teklipleriň jemini jemleýärler.
Şeýle-de, neşir gizlin planyň "Pakistanyň we Hytaýyň arasyndaky kosmos hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyryp biljekdigini, Pentagonyň golaýda Pekiniň onlarça ýyllap oýnan ýetde-tut oýnundan soň harbylaşmaga synanyşýandygyny" belledi.
Emma Pakistanyň Daşary işler ministri Mohammad Faisal CPEC proýektiniň harby göwrüminiň ýokdugyny 28-nji dekabrda geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy.