Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Orsýetde ýumrulan jaýyň pidalarynyň sany köpelýär

Täze ýylyň öňýanynda Uralyň Magnitogorsk şäherinde ýaşaýyş jaýyň ýumrulmagy zerarly 19 adamyň wepat bolandygy tassyklandy.


Halas edijiler harabalykdan pidalary çykarmagyny dowam etdirýärkä, betbagtçylygyň sebäpleri baradaky spekulýasiýalar güýçlenýär. 


Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň 2-nji ýanwarda aýtmagyna görä, jaýyň ýumrulmagyna sebäp bolan partlamadan soň çak bilen 25 adamyň ykbaly näbelli galýar. Ministrlik wepat bolanlaryň arasynda iki çaganyň bolandygyny aýtdy. Alty adam, şol sanda iki çaga harabalykdan çykarylyp, halas edildi.


Jaýyň ýumrulmagy zerarly onlarça maşgala täze ýyl gijesi öýsüz galdy.


Orsýet resmileri 31-nji dekabrda jaýyň ýumrulmagyna gazyň partlamagynyň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdylar. Emma Federal derňew komitetiniň 1-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda "ähli mümkin sebäpleriň barlanýandygy" aýdyldy, emma bomba partlamasyna görkezýän hiç hili alamatyň tapylmandygy bellendi.


Iki media serişdesi ady agzalmadyk resmä salgylanyp, partladyjylara degişli bolup biljek bölekleriň tapylandygyny we jaýyň ýumrulmagyna terrorçylyk aktynyň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny habar beripdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *