Magnitogorskda has köp adamyň jesedi tapyldy
Halas edijiler Orsýetiň Magnitogorsk şäherinde täze ýyl gijesi ýumrulan ýaşaýyş jaýyň harabalygyndan has köp adamyň jesedini tapyp çykardylar.
Pidalaryň sany 37 adama ýetdi.
Adatdan daşary ministrliginiň 3-nji ýanwarda aýtmagyna görä, günorta Ural şäherinde 10 gatly ýaşaýyş jaýyň tutuş bir böleginiň ýumrulmagyna getiren partlamadan 48 sagadyň geçmegi bilen ýene dört adamyň ykbaly näbelli galýar.
Resmiler 31-nji dekabrda bolan partlama gazyň syzmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Ministrligiň maglumatyna görä, wepat bolan 37 adamdan 22-siniň şahsyýeti anyklanypdyr.
Heläk bolandygy tassyklananlaryň altysy çaga. Harabalykdan diri halas edilen alty adam, şol sanda bir bäbek keselhanada galýar. Heläk bolanlaryň sany soňky 24 sagatda çürt-kesik artdy. Halas ediş işleri 20 gradus aýazly howa şertlerinde alnyp barylýar.