Ogrulykda aýyplanýan kinorežissýor "Ak pil" bilen sylaglandy
Kinorežissýor Kirill Serebrennikowyň ýolbaşçylygynda düşürilen “Tomus” filmi 2018-nji ýyl boýunça Orsýet Kinematografiýaçylar birleşiginiň iň gowy režissýorlyk üçin berýän "Ak pil" baýragyna mynasyp boldy.
Bu baýragyň berlendigi 11-nji ýanwarda yglan edildi. https://bit.ly/2D6LiSF
“Tomus” filminde soň sowet döwrüniň “Kino” rok toparyny esaslandyryjylaryň biri bolan ýaş Wiktor Soý bilen “Zoopark” sazandalar toparynyň lideri Maýk Naumenkonyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda gürrüň berýär.
Serebrennikow bu kinony öý tussaglygy şertlerinde döretdi, ol döwlet-grant serişdelerinden 130 million rubl ($1.9 million) çemesi serişdäni ogurlamakda aýyplanýar. Kinorežissýor 2017-nji ýylyň awgustynda tussag edildi.
Serebrennikow we beýleki aýyplanýanlar özleriniň bikanun iş edendigi barada aýdylýanlary ret edýärler.
Rus we halkara medeniýet şahslarynyň onlarçasy Serebrennikoawa goldaw bildirdi we onuň garşysyna açylan işiň ýapylmagyna çagyrdy.
Orsýetiň Teatr tankytçylarynyň birleşigi dekabrda Serebrennikowy “ýylyň şahsyýeti” diýip yglan etdi.