Press TV: ABŞ häkimiýetleri eýranly žurnalisti tussag etdi
Amerikan häkimiýetleri Eýranyň iňlis dilinde gepleşik berýän Press TV-niň žurnalistini anyklaşdyrylmadyk aýyplama esasynda tussag etdi diýip, Eýranyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi 16-njy ýanwarda habar berdi.
Press TV Marziyeh Haşeminiň 13-nji ýanwarda Missouri ştatynyň Merhemetli Louis Lambert halkara aeroportunda tussag edilendigini aýtdy.
Amerikada doglan žurnalist biraz soň FBI, Federal derňew býurosy tarapyndan paýtagt Waşingtondaky tussaghana geçirilipdir. Press TV-niň maglumatyna görä, oňa resmi taýdan aýyplama bildirilmändir.
Habarda aýdylmagyna görä, Haşemi Birleşen Ştatlara özüniň hass doganyny we beýleki garyndaşlaryny görmäge barypdyr.
FBI-niň resmileri düşündiriş üçin bada-bat elýeterli bolmady.
Prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny yglan edeli bäri Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklar ýokary bolmagynda galýar.