Owganystanda prezidenlik ugrunda bäsleşmek üçin 14 dalaşgär hasaba alyndy
Dalaşgärleriň arasynda häzirki prezident Aşraf Gani, ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi Hanif Atmar we häzirki baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdulla dagy hem bar.
Gani we Abdullah 2014-nji ýylda köpçülikleýin galplaşdyrma aýyplamalary bilen kölege düşen saýlawlarda deňeçer ses aldy.
Netijede, ABŞ-nyň şol wagtky döwlet sekretary Jon Kerriniň araçylyk etmegi bilen bileleşik hökümetini düzmek ylalaşygyna gelindi, Gani prezident atlandyryldy, Abdylla üçin baş ýerine ýetiriji diýip, täze wezipe döredildi.
Prezident saýlawlary welaýat we etrap geňeşleriniň saýlawlary bilen bir wagtda geçiriler.