Leningrad gabawy hakyndaky rus komediýasy YouTube saýtyndan aýryldy
Ikinji Jahan urşundaky Leningrad gabawy hakynda düşürilen gapma-garşylykly rus filmi wideo paýlaşylýan YouTube saýtyndan aýryldy.
Filmiň direktory Alekseý Krasowskiý 20-nji ýanwarda feýsbukda “Prazdnik” (“Baýramçylyk”) komediýasynyň YouTube saýtyndan hiç bir düşündiriş berilmezden aýrylandygyny habar berdi.
Emma bu film Orsýetiň VK social-media websaýtynda şindi hem elýeterli.
Krasowskiý bu filmi rus hökümetiniň ýaýratmak ygtyýarnamasyny almak üçin tabşyrmazdan, 3-nji ýanwarda tutuşlygyna websaýtda çap etmek kararyna geldi.
Bu film Orsýetde resmiler we media tarapyndan giňden tankyt edildi, olar onuň gabawyň pidalarynyň mertebesine degýändigini öňe sürdüler.
YouTube saýtynda elýeterli bolan gysga wagtynda “Baýramçylyk” komediýasyna 1 milliondan gowrak adam tomaşa etdi, şeýle-de tomaşaçylar ony goldap, 3 million rubldan gowrak ($45,000) serişde eçildiler.
1941-nji ýylyň sentýabryndan 1943-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna çenli aralykda bolan Leningrad gabawy 872 gün dowam etdi.
Bu gabaw mahalynda 1.2 million çemesi asuda adamyň ölendigi aýdylýar. Pidalaryň köpüsi açlykdan we çäresizlikden öldi.