Pompeo Howpsuzlyk geňeşini Guaidony geçiş prezidenti hökmünde ykrar etmäge çagyrar
"Sekretar Pompeo Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny we halkara jemgyýetçiligini Huan Guaidony Wenezualanyň konstitusiýa boýunça geçiş prezidenti diýip ykrar etmek bilen, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goldamaga hem-de geçiş hökümetiniň demokratiýany we kanunyň hökmürowanlygyny dikeltmek tagallalaryna ýardam bermäge çagyrar” diýip, beýanatda aýdylýar.
15 agzaly geňeşiň duşuşygy, ABŞ we regiondaky ýurtlaryň bir topary Guaidony döwlet baştutany hökmünde ykrar edip, prezident Nikolas Madurany işden çekilmäge çagyrandan soň, Birleşen Ştatlaryň talaby bilen geçiriler.
Maduro adam hukuklaryny bozmak aýyplamalarynda we Wenezuelanyň ykdysadyýetini düzedip bilmezlikde tankyt edilýär.
Eger-de Wenezuela babatda BMG-niň howpsuzlyk geňeşi geçirilse, Moskwa halkara kanunçylygynyň berjaý edilmegini talap eder diýip, Orsýetiň RIA habar gullugy daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 25-nji ýanwarda aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi.