Bäş ýadro döwletleri Pekinde duşuşýarlar
Iki günlük konferensiýanyň dowamynda ýadro ýaraglarynyň proliferasiýasynyň, ýagny möçberiniň artdyrylmagynyň öňüni almak maksat edinilýär.
Pekiniň, Moskwanyň we Waşingtonyň wekillerinden başga-da, konferensiýa Londonyň we Parižiň hem resmileri gatnaşýarlar.
Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Russiýa we Birleşen Ştatlary BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolup, olaryň ählisi-de ýadro ýaragyna eýedir.
Maslahat ABŞ bilen Sowet soýuzynyň 1987-nji ýylda baglaşan Orta aralyk ýadro güýçleri, şeýle-de INF diýlip bilinýän ylalaşygynyň ýatyrylmak howatyrlarynyň fonunda geçirilýär.