Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezident saýlawlary üçin 83 dalaşgäriň arza tabşyrandygyny aýtdy
Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýurtda 31-nji martda geçiriljek prezident saýlawlary üçin hasaba alyş resminamalary kabul etmek prosesiniň tamamlandygyny aýdyp, oňa 83 dalaşgäriň öz adyny teklip edendigini mälim etdi.
Komissiýa özüniň 4-nji fewralda beren maglumatynda 28 dalaşgäriň arzasynyň kabul edilendigini, 22 sanysynyň ret edilendigini we başga-da 33 kandidatyň arzasynyň açyk galdyrylandygyny belledi.
Komissiýa hasaba alnan dalaşgärleriň sanawyny 9-njy fewrala çenli resmi taýdan yglan etmeli.
Soňky sorag-jogaplaryň netijelerine görä, häzirki prezident Petro Poroşenko, öňki premýer-ministr Ýulia Tymoşenko we wäşi Wolodymyr Zelenskiý iň köp halanýan dalaşgärler ýaly bolup görünýär.
53 ýaşyndaky Poroşenko ýene bäş ýyl möhlet bilen özüniň ikinji gezek prezidentlige dalaş edýändigini 29-njy ýanwarda yglan etdi we ýurduň Ýewropa Bileleşigine hem-de NATO agza bolmagy dogrusynda agzalýan birleşiklere basyş etmegi wada berdi.