Ukrain parlamenti konstitusion üýtgetmäni kabul etdi
Ukrainanyň parlamenti – Werhowna Rada – ýurduň NATO we Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky strategik maksadyna täsir ýetirýän konstitusion üýtgetmäni soňky diňlenişiginde kabul etdi.
334-17 belgili konstitusion üýtgetme 7-nji fewralda geçirilen ýygnakda tassyk edildi.
Ukrain prezidenti Petro Poroşenko ses berişligiň öňüsyrasynda kanunçykaryjylaryň öňünde çykyp edip, 7 fewralyň “Ukraina üçin taryhy gün bolandygyny” aýtdy.
Şeýle-de, ol bu çäräni Ýewro-atlantik gurluşlara agza bolmak ähtimallygy ugrundaky “beýleki möhüm ädim” diýip atlandyrdy.
Bu kanun taslamasy köpçülige ýaýradylandan soňra güýje girer.