Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täjigistanyň 108 sany ýük wagony türkmen serhedinden geçip bilmän galýar

Täjigistanyň 108 sany ýük wagony türkmen serhedinden geçip bilmän galýar

12-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna elýeterli bolan dokumente görä, Türkmenistanyň demirýol stansiýalarynda Täjigistanyň 108 sany ýük wagony geçip bilmän galypdyr. Bu san 8-nji fewrala degişli. 

Dokumente görä, wagonlar Türkmenbaşy, Sarahs, Mary, Tallymerjen, Amyderýa, Kelif stansiýalarynda ýerleşýär. Olar dürli harytlar, şol sanda pagta ýagy, ýag-ýangyç serişdeleri, mermer, we alýuminý önümçiligi üçin zerur koks. Bu serişde 108 wagondan 29 sanysynda ýerleşýär. 

108 wagon 8-nji fewrala degişli san bolup, ol gün günden artýar.

Täjigistanyň Demir ýol baş edarasynda bu maglumaty Azatlyk Radiosyna tassyklap, türkmen tarapynyň öz hereketlerine hiç hili düşündiriş bermändigini aýtdylar. 

Täjigistanyň Demir ýol edarasynyň Orsýetdäki ýolagçy gatnaw bölüminiň wekili Jamşed Nurow ýolagçylaryň demir ýol gatnawynyň ozalky tertipde amala aşyrylýandygyny aýtdy. 

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin dörän ýagdaý barada Azatlyk Radiosynyň beren sowalyna jogap berip, Täjigistanyň we Türkmenistanyň strategiki partnýorlyk barada ylalaşyk baglaşandygyny aýdyp, olaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga päsgelçilik döretmeli däldigini belledi.     

"Biz şu çaka çenli Türkmenistandan onuň Täjigistana barýan ýük ulaglary öz territoriýasyndan geçirmeýändiginiň sebäplerine düşündiriş alyp bilmedik. Ýogsa biz öz kärdeşlerimize dürli derejelerde ýüzlendik. Şeýle problemalar dost-dogan ýurtlaryň arasynda döremeli däl. 2017-nji ýylyň noýabr aýyda iki ýurduň prezidentleri strategiki partnýorlyk barada ylalaşyga gol çekdiler we oňa görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hiç hili päsgelçilik döretmeli däl. Ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça beýleki ikitaraplaýyn dokumentler hem bar, olar päsgelçilik döretmegi däl-de, eýsem, özara kömegi we goldawy göz öňünde tutýar" diýip, Täjigistanyň daşary işler ministri aýtdy.

​Mundan birnäçe gün ozal 4-nji fewraldan başlap türkmen häkimiýetleri Täjigistana barýan ýa-da gelýän ýük ulaglary öz territoriýasyndan geçirmegini bes etdi.

Täjigistanyň ýük ulaglarynyň Türkmenistanyň üstünden geçmeginde çekýän kynçylyklary geçen tomsuň aýagynda başlandy. 2-nji sentýabrda Täjigistanyň ýük ulaglarynyň sürüjileri özleriniň bir hepdeden köp wagt bäri türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän durandygyny habar berdiler. Şonda eýran-türkmen serhedinde Täjigistana barýan ýüzlerçe ýük ulagy jemlendi. Türkmenistanyň gümrügi tranzit gadagançylygyny düşündirmedi.

Täjigistanyň Transport ministrligi çykalga hökmünde ulag sürüjilere Täjigistana aşmak üçin alternatiw ýollary ulanmagy maslahat berdi. Sürüjilere Eýranyň we Azerbaýjanyň serhetleriniň üstünden, soň Orsýetiň, Gazagystanyň we Özbegistanyň üstünden alternatiw ýollar bilen Täjigistana aşmak teklip edildi.

6-njy sentýabrda Täjigistanyň demirýol edarasyndaky çeşme Täjigistana barýan 150 çemesi demirýol wagonynyň Türkmenistanyň serhedini kesip geçendigini Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna habar berdi.  Onuň sözlerine görä, türkmen tarapynyň beren düşündirişinde transportyň tranzitinde dörän problemalaryň ýurduň içerki kynçylyklary bilen bagly bolmagy mälim edilipdir.

Sentýabryň ortalarynda Aşgabat Täjigistana barýan ýük ulaglaryň türkmen serhedinde howpsuzlyk sebäpli saklanýandygyny mälim etdi. Şeýle düşündiriş türkmen tarapynyň Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň adyna ýollan hatynda berildi. Aşgabat täjik ýük ulaglarynyň türkmen giňişliginden geçmegine diňe bir aýdan soň rugsat beripdi. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Состояние коммунальной техники проверили в Ступине

Клиника «Евроонко» в Нижнем Новгороде начинает регулярный прием пациентов

Летние приключения 2024: куда отправиться за незабываемыми впечатлениями?

В ТРЦ «Нора» состоится показ кукольного спектакля для малышей «Теремок»

Музыкальные новости

Собянин открыл пешеходную галерею между станциями метро и МЦД-4 Кутузовская

Генпрокуратура потребовала передать государству велотрек с Олимпиады-80

До плюс 50 градусов: Каким городам России грозит аномальная жара летом 2024 года. Опубликован список

Сергей Собянин рассказал о новых трамвайных линиях в Москве

Новости России

Более 150 мероприятий проведут в Москве в честь Дня молодежи

Starbucks подала в России восемь заявок на регистрацию товарных знаков

Главное

Улыбка сделала слушателя «Юмор FM» миллионером

Экология в России и мире

Областная наркологическая больница запускает летнюю профилактическую кампанию для юных свердловчан

Фотопрогулка по советским городам. Классная серия!

Улыбка сделала слушателя «Юмор FM» миллионером

Условно разрешенные виды использования земельных участков

Спорт в России и мире

Осталась в одиночестве: Андреева победила Грачёву и вышла в четвертьфинал «Ролан Гаррос», Медведева остановил де Минор

Медведев вышел в 1/8 финала «Ролан Гаррос» — 2024

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой

Moscow.media

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной

Дайджест новостей «Грузовичкоф» за май

Правительство РФ направило дополнительные средства на завершение строительства трассы Гузерипль – плато Лагонаки в Адыгее







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *