Eýran suwasty gämiden ganatly raketa atmagy üstünlikli synag etdi
24-nji fewraldaky raketa synagy Birleşen Ştatlar bilen ýitileşen dartgynlygyň arasynda geçirildi. Eýran ozal uly nebit gatnawynyň ugrunda, Pars aýlagynyň agzynda ýerleşýän Hormuz bogazyny, ABŞ-nyň duşmançylykly hereketlerine jogap hökmünde, baglamak haýbatyny atdy.
Resmi IRNA habar gullugy EýranyňGhadir klasly harby-deňiz suwasty gämisiniň 24-nji fewralda ganatly raketany üstünlikli atmagy başarandygyny habar berdi. Emma habarda raketanyň ýetýän aralygy aýdylmady.
IRNA Eýranyň beýleki suwasty gämileriniň – Taregiň we ýurt içinde öndürilentäze Fateh gämisiniň şeýle kuwwatlyklara eýedigini aýtdy.