Kaşmirdäki ok atyşykda bäş adam öldi
Dawaly Kaşmir sebitinde düýbi Pakistanda ýerleşýän jeňçi topary bilen hindi howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýüze çykan ok atyşykda bäş adam, şol sanda iki hindi esgeri öldi.
Bu aralykda, Hindistan sebitde howpsuzlyk arassalaýyş çärelerini dowam etdirdi. Geçen hepdäniň aýagynda separatist bolmakda aýyplanyp, 160 töweregi adam tussag edildi.
Hindistanyň polisiýasy we harbylary 24-nji fewralda ýüze çykan hadysada düýbi Pakistanda ýerleşýän “Jaiş-e Mohammad” jeňçi toparynyň üç agzasynyň öldürilendigini aýtdylar.
Jeňçi topary 14-nji fewralda 40 sany hindi ýarym-harby polisiýa güýçleriniň ölümine sebäp bolan janyndan geçeniň hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.
Bu ýagdaýlar iki goňşy döwletiň onsuz hem dartgynly gatnaşyklaryny has-da ýitileşdirdi.
Hindistan 14-nji fewraldaky hüjümiň arkasynda Pakistanyň durandygyny aýdyp, ar aljakdygy bilen haýbat atdy.
Yslamabat Nýu-Deliniň aýyplamalaryny inkär edip, özüne hüjüm edilen ýagdaýynda berk gaýtawul berjekdigini duýdurdy.