Türkmenistanda gara we garamtyl reňkli ulaglar boýunça hereket gadagançylygy has-da güýjeýär
Ulaglarda gara reňkiň gadagan edilmegi Daşoguz şäherinde güýçlenýär. Aşgabatda gara we goýy reňkli ulag eýeleri polisiýa tarapyndan saklanan ulaglaryny jerime duralgasyna tabşyrmaly; onuň suratyny düşürmeli, güwähat çöplemeli, üç günläp sapaga gatnaşmaly. Ol şondan soň ulagy yzyna alyp bilýär.