Eýran täze söwda mehanizminiň iki hepdede işläp başlajakdygyna umyt edýär
Bu barada Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Araghçi Wenada žurnalistlere maglumat berdi.
Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyny saklap galmak ugrundaky tagallalaryň çäginde, Eýran bilen maliýe gatnaşyklaryny ýola goýjak, şeýle-de ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalaryna çapraz gelmejek INSTEX atly mehanizmi ýola goýdular.
Bu ýewropa firmalaryna Eýranda kanuny ýagdaýda iş alyp barmagyna mümkinçilik berer.
Bu plan ABŞ-nyň sanksiýalary girizilen pudaklary öz içine almaýar.
Geçen ýylyň maýynda prezident Donald Tramp ABŞ-ny Ýadro ylalaşygyndan çykaryp, Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizipdi.