Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatly söwdegärlerden TSTB birleşiginiň önümlerini satmak talap edilýär

Aşgabadyň bazarlarynyň administrasiýalary azyk satýan söwdegärlerden ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) kärhanalarynyň öndürýän azyk önümlerini satmagy talap edýärler. Azatlygyň habarçysynyň 7-nji fewralda Aşgabatdan habar bermegine görä,


Habarçymyzyň söwdegärlere salgylanyp, habar bermegine görä, bazaryň ýolbaşçylary bu talabynyň sebäbini satyjylaryň satýan öz önümleriniň gymmatdygy, şeýle-de olaryň barlagdan geçmändigi bilen düşündirýärler.


Azatlyk Radiosyna bu talabyň sebäplerini we jikme-jiklerini paýtagtyň bazarlarynyň administrasiýalarynyň özlerinden anyklamak başarmady. 


Türkmenistanyň paýtagtynda azyndan 11 sany uly bazar bar, birnäçesi Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň garamagynda.


Il içinde "Mir bazary" diýlip tanalýan bazar, Parahat-7 we Parahat-8 etrapçalaryň arasynda ýerleşýän Bereketli-1, şäheriň demirgazygynda ýerleşýän Bereketli-2 bazarlary, şeýle-de "Altyn asyr. Gündogar" we "15 ýyl abadançylyk" ýaly uly bazarlar bileleşige degişli.




Habarçymyzyň sözlerine görä, häkimiýetler bazarlarda söwdegärleriň satýan harytlarynyň bahasyna gözegçiligini dekabr aýynyň başynda güýçlendirdiler. Emma harydyň ýüzünde görkezilen nyrhdan satylýan önümleriň hili köplenç pes bolýar we alyjylara saýlamaga rugsat berilmeýär.   


Azyk önümlerini resmi taýdan kesgitlenen belli bir bahadan satmak talaby bazarlarda goşa nyrhlaryň ýöremegine getirdi. 


Habarçymyzyň aýtmagyna görä, söwdegärlerden edilen soňky talap has ýokary hilli harytlaryň indi gizlinlik bilen tekçeleriň aşagyndan satylmagyna sebäp boldy.


"Şu günler pomidoryň bir kilogramynyň görkezilýän bahasy 6-8 manat. Emma hili gowurak pomidorlar tekçeleriň aşagyndan 11-12 manada satylýar" diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, häzirki nyrh gözegçiligi ilkinji nobatda miwe we gök önümlerine, şeýle-de ete degişli.







 


"Etiň resmi bahasyndan 18 manada diňe süňk we malyň öýkeni ýaly zatlary berýärler, eti 30 manatdan satýarlar" diýip habarçymyz 7-nji martda habar berdi.     


Aşgabadyň bazarlarynda zähmet çekýän söwdegärleriň habarçylarymyza aýtmagyna görä, häkimiýetleriň baha gözegçiligi söwdanyň manysyny gaçyryp, söwdegärleri girdejiden kesýär we olaryň işden çekilmegine sebäp bolýar. 


Häzirki wagtda Aşgabadyň bazarlarynda kärende tölegleriniň ortaça nyrhy dükanyň bir kwadrat metri üçin her aýda 164 manada, tekçeler üçin günde 3-4 manada barabar. Arassaçylyk kitapçalary we elektrik togy ýaly tölegler goşmaça tölenýär.  


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *