Mazar-e Şarifde owgan polisiýasy öz aralarynda çaknyşdy
Owganystanyň demirgazygyndaky Mazer-e Şarif şäherinde ozalky welaýat häkimine ygrarly polisiýa işgärleri bilen merkezi hökümetiň ýörite polisiýa güýçleri özara çaknyşdylar.
Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň maglumatyna görä, çaknyşyk Balh welaýatynda ýörite polisiýa güýçleriniň täze bellenen polisiýa başlygy Abdul Rakib Mobarez bilen barýan pursady ýüze çykypdyr.
Çaknyşygyň netijeleri barada bata-bat maglumat berilmedi.
Mobarezi polisiýanyň başlygy wezipesine Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani belledi.
Ol 14-nji martda Mazar-e Şarifiň aeroportyna gondy. Emma, Balh welaýatynyň ozalky häkimi Ata Mohammad Noora ygrarly welaýat polisiýasy Mobareziň ýoluny böwetledi.
Noor bu wezipä öz saýlan adamyny goýmak isleýär.