Tramp ‘aklanandygyny’ öňe sürýär, demokratlar hasabatyň doly görnüşini talap edýär
Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşiniň 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlarynda Moskwanyň roly barada çykaran hasabatynyň jemleýji bölegi köpçülige ýetirilenden soňra, prezident Donald Tramp “doly aklanandygyny” yglan etdi. Ýöne demokratlar ýagdaýyň aýdyňlaşdyrylmandygyny belläp, hasabatyň doly görnüşiniň köpçülige ýetirilmegini talap etdiler.
24-nji martda Birleşen Ştatlaryň Kongresine hödürlenen hatda baş prokuror William Barr Robert Muelleriň hasabatynda derňew Trampyň kampaniýa “agzalarynyň rus hökümetiniň saýlawlara goşulyşmak işlerinde olar bilen dildüwşük ýa-da ylalaşyk edendigini tassyklamaýar” diýenden soň, Tramp we onuň ýaranlary begençli pursatlary başdan geçirdiler.
Şeýle-de, Barr özüniň we baş prokuroryň orunbasary Rod Rosensteiniň Mueller tarapyndan ýygnanan delilleriň Trampyň adalata päsgelçilik döredendigini “dikeltmek üçin ýeterlikli däldigi” barada netije çykarandygyny hem aýtdy.
“Prezident Tramp doly aklanandygyny öňe sürmekde ýalňyşýar” diýip, Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň adalat meseleleri boýunça komitetiniň başlygy Jerrold Nadler žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.