Mogerini ÝB-niň ‘owganlaryň liderligindäki’ parahatçylyk prosesini goldaýandygyny aýtdy
Kabula edýän saparynyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty bileleşigiň “owganlaryň liderligindäki we owganlaryň eýeçiligindäki parahatçylyk prosesini” goldaýandygyny aýtdy.
ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini bu barada 26-njy martda owgan prezidenti Aşraf Gani bilen geçiren bilelikde metbugat konferensiýasynda çykyş etdi.
Mogerini Ýewropa Bileleşiginiň “gün tertibinde uruşdan ejir çekýän ýurt üçin onuň parahatçylygyndan, howpsuzlygyndan we gülläp ösmeginden başga zadyň ýokdugyny aýdyp, bileleşigiň hemişe owgan halkynyň tarapynda bolandygyny” aýtdy.
Ol bu barada, Waşington Owganystanda 18 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän urşuň soňuna ýetmek üçin Katarda “Talyban” bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky gepleşikleriň iň soňky tapgyry tamamlanandan iki hepde soň çykyş etdi.