Gazagystanda ýykylan dikuçarda 13 adam öldi
Ministrlik dikuçaryň 27-nji martda, günorta Gazagystandaky Žalagaş sebitinde, Aral deňziniň gündogarynda ýykylandygyny aýtdy.
Mi-8 dikuçary Hazar deňziniň kenaryndaky Aktaudan Özbegistan bilen serhediň golaýyndaky Şimkente uçan uçarlaryň biridi. Uçar ýykylanda onuň üstündäkilerden diri galanyň bolup-bolmandygy bada-bat belli bolmady diýip, ministrlik aýtdy.
Emma Gazagystanyň geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew biraz soň twitterde dikuçardaky adamlaryň ählisiniň ölendigini aýtdy. Tokaýew dikuçaryň ýykylmagynyň sebäplerini resmi taýdan derňemegi buýrandygyny hem sözüne goşdy.