Eýranlylar hökümetiň sil gelende gören kömek çäreleriniň gowuşgynsyzlygyna protest bildirýärler
Ýurda soňky onýyllykda gelen iň ýykgynçylykly silden ejir çeken eýranlylar hökümetiň kömek çäreleriniň ýeterlik bolmandygyny aýdyp, gaharly protest demonstrasiýalaryny gurnaýarlar.
19-njy martdan bäri ýurduň köp bölegine guýan ýagyşlar zerarly gelen sil Eýranyň 31 welaýatynyň 26-synda ýüzlerçe oba-şäheri syryp geçdi, azyndan 62 adamyň ölümine sebäp boldy.
Müňlerçe adam ençeme günläp açyk howada, ýagyş-ýagmyr astynda az-owlak azyk we ýyly eşiksiz galdy.
Protestçiler hökümetiň suw joşmasynyň öň ýanynda duran esasybentlerden suw goýbermek barada gelen kararyna hem gahar-gazap bildirýärler. Olar bu kararyň öz jaýlaryny, ekin ýerlerini, mallaryny weýran etjekdigini aýdýarlar.
Sosial mediada çap edilen wideolarda, garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilmese-de, daglyk ýer bolan Lorestan welaýatynda we nebit öndürýän Khuzestan welaýatynda şeýle protestleriň bolandygy görkezilýär.