“Talyban” barlag nokatlaryna zabt edip, 20 esgeri öldürdi
“Talyban” söweşijileri öten agşam Pakistan bilen serhediň golaýynda owgan goşunynyň barlag nokatlaryna hüjüm edip, 20 esgeri öldürdi diýip, resmiler 9-njy aprelde aýtdylar. Öldürilenlerden başga, Şorabak etrabynda bolan hüjümde sekiz esger ýaralandy diýip, Kandahar welaýatynyň geňeş agzasy Mohammad Ýousof Ýounosi aýtdy.
Welaýat gubernatorynyň edarasyndan bir resmi, anonimlik şertinde gürleşip, bu hüjümi tassyk etdi we owgan güýçleriniň arasynda pidalaryň bolandygyny aýtdy. Ýöne ol anyk san görkezmedi.
“Talybanyň” sözçüsi Kari Ýusouf Ahmadi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz boýunlaryna alyp, toparyň söweşijileriniň ok-ýarag oljalaryny hem alandygyny sözüne goşdy.
Owganystandaky ABŞ güýçleri 9-njy aprelde bir gün öň ýurtdaky esasy amerikan bazasynyň golaýynda bolan ulag partlamasynyň pidalarynyň sanyna gaýtadan seredip, iki ABŞ esgeriniň we deňizçisiniň öldürilendigini, emma şertnamaçynyň öldürilmändigini aýtdy. Başda şertnamaçynyň öldürilendigi habar berlipdi.