‘Gazprom’ 30-njy iýuna çenli 1,155 milliard kub metr türkmen gazyny satyn almagy planlaşdyrýar
Moskwa türkmen gazyny täzeden import edip başlan mahaly, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli 1,155 milliard kub metr gazy satyn almagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.