Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda sil-ýagyndan soň gurluşyk materiallar gymmatlady

Türkmenistanda sil-ýagyndan soň gurluşyk materiallar gymmatlady

Türkmenistanda gurluşyk materiallarynyň bahasy ýokarlandy. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, nyrhlaryň ýokarlanmagy ilkinji nobatda semente degişli bolup, bu önümiň bahasy iki esse çemesi ýokarlanypdyr.   

Şu günler Türkmenistanyň Mary welaýatynda sementiň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 50 manada ýetip, Daşoguzda 40-55 manat aralygynda satylýar. Mundan öň sementiň bahasy 15-18 manatdy. 

Türkmenistanda gurluşyk materiallarynyň bahasynyň ýokarlanmagy ýurtda bir aýdan gowrak wagtlap dowam eden ýagynlaryň birnäçe regionyň infrastrukturasyna zyýan ýetiren wagtyna gabat geldi.

Mart aýynyň ikinji ýarymyndan bäri yzygiderli ýagan ýagyn şäherleri, obalary we ekin meýdanlaryny suw almagyna getirdi, gara ýollary ýumurdy we we demir ýollara zeper ýetirip, gatnawy kynlaşdyrdy.

Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Mary welaýaty we günbataryndaky Balkan welaýaty iň köp zyýan çekdi. 19-njy martda Bereket şäheriniň uly bölegini we onlarça obany suw aldy, yzýany Serdar, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleri suwdan zyýan çekdi. 

Mary welaýatynda sil-ýagynlar Tagtabazar, Serhetabat şäherlerine zyýan ýetirdi. Bu ýerde sil suwlaryndan ýüzlerçe ýaşaýyş jaýa zyýan ýetdi, onlarçasy doly ýumruldy. 

Türkmenistanyň häkimiýetleri tebigy hadysadan ätiýaç bolmak barada köpçülige öňünden resmi duýduryş bermediler, hem-de sil-ýagynlaryň ýurtda hatda bolandygyny hem agzamadylar.

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri häkimiýetleriň suw howdanlarynyň mümkin joşmagynyň öňüni almak boýunça çäre görýändigini habar berýärler. Häzirki wagtda, hususan-da, Mary welaýatynda Murgap derýasynda bent gurýarlar we suw howdanlarynyň töwerek daşlaryny berkidýärler.     

Güýçli ýagynlary başdan geçiren Aşgabadyň ýaşaýjylary iki hepdä golaý wagtlap onuň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolmagynda galýarlar. 

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, paýtagtyň köçeleri suwdan we läbikden arassalanan hem bolsa, ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde we birinji gatlarynda henizem suw we läbik saklanýar. Bejeriş işleri ýaşaýjylaryň öz hasabyna amala aşyrylýar. 

​"Öňki Ýubileýnaýa, häzirki Ankara köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän ýerzeminleri arassalamak işleri heniz hem dowam edýär. Ýerzeminleriň käbirini bölekleýin, käbirini ýarysyna çenli, käbirini-de dolulygyna läbik sil suwlary basdy. Suwy tölegli çekip aldylar. Ýöne ondaky läbigi adamlaryň özi arassalamaly bolýar” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 29-njy aprelde habar berdi. 

Gurluşyk Türkmenistanda ileri tutulýan pudak hasaplanylýar. Türkmen hökümeti ýurtda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini, şol sanda sementiň önümçiligini artdyrmak planlaryny ençeme gezek mälim edipdi. 

Ýurduň sement öndüriji dört sany kärhanasy bar. Kelatada, Baharlyda, Balkanda we Lebapda ýerleşýän kärhanalaryň her biri ýylda 1 million tonna çenli sement öndürmäge ukyply. Resmi medianyň maglumatlaryna görä, Lebapdaky sement zawody 2018-nji ýylda agzalan kuwwata laýyk 1 million tonna sement öndüripdir we 250 müň tonna sementi Owganystana we Özbegistana eksport edipdir.

Mundan başga-da, geçen ýyl Türkmenistanyň hökümeti welaýatlarda ýylda 300 müň tonna sement öndürmäge ukyply kiçi hususy kärhanalary gurmak planlaryny yglan edipdi. Şol planlar prezidentiň importuň ornuny tutýan ýerli önümçiligi artdyrmak barada noýabrda eden nobatdaky tabşyrygynyň yzýany gaýtalanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В арктическую экспедицию Росатома может отправиться школьник из Приамурья

В запасе есть мощнейший козырь: эксперт предрёк неожиданный шаг Путина

Если нечем заменить Китай или Когда ситуация диктует

В челябинском горсаду откроется фестиваль песочной скульптуры

Музыкальные новости

Ctrl2GO Solutions и РусГидро подписали соглашение о сотрудничестве

Генералов много, а Норат Тер-Григорьянц один!

Грандиозный концерт закроет сезон в Бурятском театре оперы и балета

Сотрудники Росгвардии задержали устроившего стрельбу с балкона мужчину в Подмосковье 

Новости России

Путин в Ташкенте принял единственное верное решение по НАТО. Досталось и Токаеву

По «московским ценам» предлагают арендовать квартиры в Тынде в дни юбилея БАМа

В арктическую экспедицию Росатома может отправиться школьник из Приамурья

Живущий в Анапе отец Дани Милохина заявил, что его сын скоро вернётся в страну

Экология в России и мире

Ozon открывает новый фулфилмент-центр в Ставрополье

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Eleganzza весна-лето 2024

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

Спорт в России и мире

Повернення Калініної до топ-50 та втрачені позиції Світоліної. Оновлені тенісні рейтинги WTA та ATP

Елена Рыбакина удивила решением перед Уимблдоном

Мирра Андреева вышла во второй круг Открытого чемпионата Франции

Матч Котова и Вавринки перенесли на корт Сюзанн Ленглен

Moscow.media

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

Девятый вал...

Денис Сафин перевел 100 миллионов рублей в фонд помощи пострадавшим от паводка

Муруджинские озера







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *

Спортивные новости от Sportsweek.org

Добавить новость - здесь

Copyright © 29ru.net
Powered by Cotonti