Hytaý Şinjiangdaky musulmanlary yzarlamak üçin “giň gerimli gözegçilik” tilsimini ulanýar
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň aýtmagyna görä, häkimiýetler bu tilsim arkaly “Şinjiangdaky ýaşaýan adaty adamlar barada giň maglumatlary”, şol sanda olaryň gan toparyny, boýunyň uzynlygyny we syýasy garaýyşlaryny toplaýarlar.
Şinjiangda 13 million töweregi uýgur we esasan musulmanlardan ybarat beýleki etniki toparlaryň wekilleri ýaşaýarlar.
Geçen ýylyň awgustda BMG Hytaýyň “terrorçylyga garşy merkezlerinde” milliona golaý şinjiangly musulmanyň, aglaba uýgurlaryň saklanýandygyny aýdypdy. BMG başga-da millionlarça adamyň täzeden terbiýeleýiş lagerlerine mejbur edilýändigini belläpdi.
Hytaý özüne bildirilýän aýyplamalary inkär edip gelýär.