Ukraina separatistleriň hatarynda söweşen braziliýalyny 13 ýyl türmä höküm etdi
Ukrainanyň sudy ýurduň gündogarynda Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň hatarynda söweşmekde aýyplanýan Braziliýanyň raýatyny 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
34 ýaşly Rafael Luswarghi 2014-nji ýylda, haçanda Russiýa Krymy basyp alanda we ýurduň gündogarynda Moskwanyň goldaýan separatistleriniň ukrain hökümetine garşy söweşip başlanynda, Ukraina gelipdi.
Luswarhi separatistleriň tarapynda söweşdi. Onuň bilen bagly wideolar hem rus hem-de separatistleriň propaganda wideolarynda ýygy-ýygydan peýda bolýardy. Ol 2015-nji ýylda yzyna – Braziliýa dolandy.
Luswarhi 2016-njy ýylda Ukraina täzeden gelende, ol tussag edildi.
Ol 2017-nji ýylyň ýanwarynda terrorizmde aýyplanyp, 13 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Emma, şol ýylyň dekabrynda ol azatlyga goýberilipdi.
2018-njy ýylyň maýynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Luswarhini Kiýewiň prawoslaw monastyrleriniň birinde tapyp, onuň bilen söhbetdeşlik geçiripdi.
Munuň yzy bilen, aşa milletçi toparlaryň wekilleri Luswarhini zor bilen SBU-nyň edarasyna eltdiler we ol gaýtadan tussag edildi.
Luswarhi 2017-nji ýylda bildirilen aýyplamalar esasynda, 2-nji maýda ýaňadandan 13 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.