ABŞ Ysraýylyň özüni goramak hukugyny doly goldaýandygyny aýdýar
Birleşen Ştatlar ýewreý döwletiniň “özüni goramak hukugyna” goldaw bildirmek bilen,palestinalylaryň Ysraýyla raketa hüjümini ýazgardy diýip, Döwlet departamenti 4-nji maýda aýtdy.
Militants have fired 400 rockets at Israel, which hit back with air strikes that at 200 targets in Gaza that left multiple people dead. A pregnant woman and her infant daughter are among the dead.
Jeňçiler Ysraýyla tarap 400 raketa atdylar, bu ýagdaý Gazada 200 nyşana howa zarbalarynyň urulmagyna we ençeme adamyň öldürilmegine getirdi. Pidalaryň arasynda göwreli aýal we onuň gyz bäbegi hem bar.
Öten agşam Gaza zolagyndan atylan Aşkelon şäherine raketadan bir ysraýylly erkek wepat boldy diýip, polisiýa we media habar berdi.
"Birleşen Ştatlar Gazadan Hamaz we yslamçy Jihad tarapyndan bütin Ysraýyldaky bigänä adamlara we olaryň jemgyýetlerine raketa atylmagyny dowam etdirilmegini berk ýazgarýar. Biz bu zorluga jogapkär adamlaryň derhal bu agressiýany bes etmegine çagyrýarys” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi Morgan Ortagusyň beýanatynda aýdylýar.
"Biz Ysraýyl bilen bile durus we onuň özüni bu elhenç hüjümlerden goramak hukugyny doly goldaýarys” diýip, beýanatda nygtalýar.
Bu waka Ysraýylyň 3-nji maýdaky howa zarbasynyň yslamçy Hamaz guramasyna degişli iki jeňçini öldürmeginiň yz ýanyndan bolýar.
Ysraýyl bu howa zarbasynyň Gazadan atylan oklaryň serhediň golaýynda ýaralan iki esgeri üçin ar alyşdygyny aýtdy.