Täjik türmesinde YD-nyň höküm edilen jeňçileri gozgalaň turuzdy, 29 tussag öldürildi
Täjigistanyň ýokary derejede goralýan türmesinde ýüze çykan gozgalaňda üç sakçy we 29 tussag öldürildi. Bu barada ýurduň Adalat ministrligi maglumat berýär.
Hadysa 19-njy maýda paýtagt Duşenbeden 25 km uzaklykdaky Wahdat şäherindäki türmede ýüze çykdy.
Gozgalaň dürli söweşiji, şol sanda “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň höküm edilen jeňçileriniň üç sakçyny pyçaklap öldürmeginden soň başlady.
Maglumata görä, tussaglar pyçak we beýleki kesgir serişdeler bilen ýaraglanypdyrlar.
“Resmiler ýagdaýlary durnuklaşdyrmak üçin... aýgytlaýjy çäreleri göreninden soň gozgalaňçylar öldürildi” diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar. Mundan başga goşmaça maglumat berilmeýär.
Ministrlik häzir ýagdaýlaryň kontrol astyna alnandygyny we derňewiň geçirilýändigini hem belledi.