ABŞ-nyň maksady öňüni almak, Eýran bilen uruş däl diýip, Şanahan kongrese aýtdy
Goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Patrik Şanahan özleriniň soňky günlerdäki maksadynyň Eýrany düşüşdirmekden ybarat bolandygyny aýtdy.
Indi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adminstrasiýasy bu ýagdaýyň has gyzdyrylmagynyň öňüni almaga çalyşýar diýip, Şanahan Pompeo bilen ýanaşyk durup, Kapitol baýrynda ýapyk gapylaryň arkasynda bolan brifingden bir gün soň aýtdy.
"Bu öňüni almak ugrunda edilýän tagalla, uruş üçin däl. Biz urşa girmekçi däl” diýip, ABŞ-nyň goranmak başlygy žurnalistlere aýtdy.
"Biziň häzirki pursatdaky iň uly aladamyz Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak. Biz bu ýagdaýyň gyzyşmagyny islemeýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Eýrandaky ýagdaý telefonda german kansleri Angela Merkel, fransuz prezidenti Emmanuel Makron, rus prezidenti Wladimir Putin bilen hem maslahatlaşyldy diýip, Merkeliň edarasynyň 21-nji maýda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Bu beýanatda üç lideriň “Eýrany özleriniň saklaýan ýadro ylalaşygyndan çykman galmaga yrmak zerurlygynyň nygtalandygy” aýdylýar.