Gazak protestçileri irki saýlawlardan öň bergileriň geçilmegini talap edýärler
21-nji maýda Merkezi Aziýa ýurdunyň iň uly şäheri Almatyda, dolandyryjy Nur-Otan partiýasynyň edara jaýynyň daş işiginde geçirilen ýygnanyşyk energiýa baý ýurduň ilatynyň ýüzbe-ýüz bolan ykdysady kynçylyklary baradaky aladalarynyň ýene bir görkezijisi boldy.
Ýurduň awtoritar dolandyryjysy, 78 ýaşyndaky Nursoltan Nazarbaýew mart aýynda, onlarça ýyl oturan prezidentlik kürsüsinden çekildi, ýöne Nur-Otanyň başlygy bolup galdy.
Ol öz ornuna Kasym-Žomart Tokaýewi wagtlaýyn prezident belläp, häkimiýetiň ýumşaklyk bilen geçmegine gözegçilik etmäge çalyşýar.
Berk kontrollykda saklanylýan ýurtda 9-njy iýunda geçiljek saýlawlarda Tokaýewiň aňsatlyk bilen ýeňmegine garaşylýar.