Täjigistanyň oppozision partiýasy häkimiýetleri ganly türme pitnesi hakyndaky hakykaty ýaşyrmakda günäleýär
TYGDP 20-nji maýda çap eden beýanatynda 19-njy maý güni giçlik Duşenbäniň golaýyndaky türmede bolan gozgalaňda öldürilenleriň sanynyň, öz maglumatlaryna görä, has kändigini aýtdy.
Täjigistanyň Içeri işler ministrligi Duşenbäniň 15 km çemesi gündogaryndaky Wahdat etrabynda ýerleşýän berk düzgünli türmede üç türme goragçysynyň we 29 tussagyň, şol sanda TYGDP-nyň üç agzasynyň öldürilendigini aýtdy.
TYGDP häkimiýetler 2015-nji ýylda gadagan etmezlerinden öň ýurtdaky esasy opposision partiýa bolup durýardy. Bu partiýanyň gadagan edilmegi esassyz we syýasy sebäpli diýlip, giňden tankyt edildi.
IIM öldürilen 17 tussagyň “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň agzasydyny aýtdy, bu beýanat garaşsyz ýagdaýda tassyklanylyp bilinmedi.