Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

'Aşgabat' kinoteatrynda görjek kartinaňy öňünden jaň edip anyklamaly

Türkmenistanyň paýtagtynyň "Aşgabat" kinoteatry tomaşaçylara günde bäş gezek film hödürleýär - ertirlerine multfilm, öýlän komediýalary. Muňa garamazdan, binanyň içi köplenç boş, gapylary ýapyk durýar. Kinoteatrda görkezilýän filmler barada bildirişler hem ýok.     


Azatlyk Radiosy bu kinoteatryň işleýändigini onuň özüne telefon arkaly jaň edip anyklady.   




"Aşgabat" kinoteatrynda telefon jaňyna jogap beren işgär her günki repertuary şol günüň özünde jaň edip, soramalydygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, 23-nji maýda sagat 15:00-da 2016-njy ýylyň "Husyt" ("Žmot") atly fransuz filmini, sagat 17:00-da "Aňrybaş delil" ("Super alibi") atly fransuz komediýany görüp bolýar.


Kinoteatryň işgäri sagat 19:00-da görkeziljek filmiň belli däldigini günüň başynda aýtdy, emma filmleriň ählisiniň komediýa boljagyny mälim etdi. Şeýle-de, onuň sözlerine görä, kinoteatr häzirki iş tertibine bir ýyla golaý wagt mundan öň geçipdir, sebäbi barýan az.   


"Aşgabat" kinoteatrynda biletleriň bahasy 8 manat. 







 


"Aşgabat" döwrebap kinoteatr hökmünde 2011-nji ýylyň tomsunda açylypdy. Onuň içinde 500 adamlyk zal, şeýle-de, ýurtda ilkinji gezek açylan 70 adamlyk 3D kinozal bar. 


Hökümetçi "Turkmenportal" saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, Aşgabatda täze gurlan alty sany kinoteatr bar, olaryň biri "Aşgabat".


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary paýtagtyň kinoteatrlarynda görkezilýän filmleriň repertuarynyň örän ujypsyzdygyny, barýan adamlaryň hem azdygyny ençeme gezek habar beripdi.  


Boş duran kinoteatrlaryň fonunda Aşgabadyň mekdepleriniň mugallymlary öz okuwçylaryny kino we teatrlara äkitmäge borçly edilipdi. Bu medeni syýahatlar işden boş wagtynda we mugallymlaryň hasabyna amala aşyryldy. 




Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabatda iň meşhur kinoteatr "Berkarar" söwda merkezinde ýerleşýär, emma onuň biletleri beýlekilerine garanda has ýokary. Bu hususy kinoteatrda görkezilýän filmleriň biletleriniň bahasy 30 manat. 


Häzirki wagtda Türkmenistanyň öz kino pudagynyň döredijiligi barada az maglumat berilýär. Soňky ýyllarda, hususan-da, Türkmenistanda prezidentiň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýoluň ýüregi” atly kitap boýunça filmiň üstünde iş alnyp barylypdy.


1926-njy ýylda esaslandyrylan “Türkmenfilm” döredijilik studiýasynda ozalky ýyllarda meşhur kinokartinalaryň onlarçasy, şol sanda “Aýgytly ädim” “Ýuwaş gelin”, “Japbaklar” ýaly filmler döredilipdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 

Rus dilinde hem okaň

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *