Owganystanda alty ýaşly gyzy öldürmekde aýyplanýan ýetginjekler türmä höküm edildi
Owganystanda iki ýetginjek oglan bir ýaş gyzy alyp gaçmakda we soňy bilen ony öldürmekde günäli tapyldy.
Gyzyň öldürilmegi Owganystanda uly seslenme döretdi. Adamlar ýurtda adalata çagyrdylar.
Alty ýaşly Mahsa Ahmadi mart aýynda alnyp gaçylypdy. Onuň ene-atasy 300 müň dollar möçberindäki girewi töläp bilmäninden soň, gyz öldürildi.
Kabulyň polisiýasy bu iş bilen baglylykda iki ýetginjegi tussag etdi we soňy bilen olaryň kameranyň öňünde eden jenaýatyny boýun alýandygy aýdylýan wideo ýazgyny çap etdi.
Olar gyzy motosiklde alyp gaçyp, soňy bilen-de kireýine tutulan öýe getirendiklerini; soraýan puluny alyp bilmänlerinden soň bolsa, gyzy öldürendiklerini aýtdylar.
26-njy maýda geçirilen, telewideniýede hem görkezilen, sud diňlenişiginiň dowamynda ýetginjekleriň her biri 30 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Ýetginjekleriň ýaşy aýan edilmese-de, sud olaryň entek 18 ýaşyny doldurmandygyny aýtdy.